Türkmenistanyň sungat ussatlary Bakuda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada çykyş etdiler


Türkmenistanyň sungat ussatlary Bakuda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada çykyş etdiler

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly agşama hem-de gala konsertine gatnaşdylar.

Gala konsertinde Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan döredijilik toparlary çykyş etdiler.

«TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary mundan ozal Almaty, Bişkek, Daşkent we Aşgabat şäherlerinde geçirildi. Bu ýyl TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de umumy ruhy dünýämiz bolan türk dünýäsiniň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny görkezýän ýene-de birnäçe dabaralary geçirmegi meýilleşdirýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda türki döwletleriň arasynda ähli ulgamlar bilen birlikde, medeni hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygyny biz bütin dünýä görkezmegi başardyk. Biz türki döwletleriň arasyndaky dostlukly medeni gatnaşyklary ösdürmek ugrunda geljek ýyllarda hem degişli işleri alyp barjakdygymyzy ynandyrýarys» diýip, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew Baku şäherinde geçirilen dabaranyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belläp geçdi.