Medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek boýunça Türkmenistanyň we Tatarystanyň hünärmenleri özara pikir alyşdylar
Şu günler Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Dostlukly ýurduň medeniýet günleriniň çäginde Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Halk senetçiliginiň häzirki zaman ösüşi» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi geçirildi.
Ýöriteleşdirilen kärhanalaryň we guramalaryň, bilim edaralarynyň, dizaýnerleriň we senetçileriň ýolbaşçylaryny we wekillerini öz içine alýan çärä gatnaşyjylary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa garşy aldy. Tatarystan Respublikasynyň «Medeniýet ulgamynda innowasiýa we gorap saklamak däplerini durmuşa geçirmek merkeziniň» Döwlet býujet institutynyň halk döredijiligini ösdürmek boýunça müdiriniň orunbasary Elwina Upakupowa hem duşuşyga gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, türkmenler we tatarlar şöhratly taryhy, baý medeni mirasy, däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen dünýäniň medeni hazynasyna goşant goşan halklar hökmünde giňden tanalýar.
Bu ýere ýygnananlar halk däp-dessurlaryny gorap saklamak we senetçiligiň ösmegi üçin Türkmenistanda alnyp barylýan işler, döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Türkmen gelin-gyzlarynyň milli şaý-sepleri, türkmen halylary, keşdelenen we keramika önümler myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Dostlukly ýurduň wekilleri hem öz gezeginde Tatarystanda halk senetçiligini gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek baradaky alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar.
Mundan başga-da, duşuşykda iki ýurduň bilim edralarynyň — Kazan halk sungat we senetçilik kollejiniň, Kazan döwlet medeniýet institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri, hünärmen, işgärleri we amaly haşam sungat işgärlerini taýýarlamakda tejribe alyşdylar.