ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy
23-nji oktýabrda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşy boldy. Bu dabaraly çäre türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Oňa Türkmenistanyň bilim, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar.
Medeniýet günleriniň birinji gününde Nýu-Meksiko uniwersitetinde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň, Nýu-Meksiko uniwersitetiniň, Albukerke şäher häkimliginiň guramagynda Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Magtymgulynyň goşgulary türkmen-iňlis dillerinde ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Aşgabat şäher Medeniýet bölüminiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň wekilleri beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi barada çykyş etdiler.
Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Nýu-Meksiko uniwersitetiniň prezidenti Garnett Stoksyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.