Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary «Kazandaky Gündogar bazary» türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler


Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary «Kazandaky Gündogar bazary» türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler

Şu ýylyň 25 — 28-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen «Kazandaky Gündogar bazary» türki halklaryň halkara festiwalynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Kazan şäherindäki «Piramida» medeni dynç alyş toplumynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa, şeýle-de Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň garamagyndaky «Galkynyş» folklor-tans topary çykyş etdi.

Türkmenistanyň döredijilik toparynyň çykyşyna halkara festiwala gatnaşyjylar ýokary baha berdiler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa hem-de «Galkynyş» folklor-tans topary festiwal guraýjylaryň ýokary sylagyna mynasyp bolup, Diplom bilen sylaglandylar.

«Gadymy döwürlerden bäri gündogar bazary dürli medeniýetleriň, birek-birege hormat goýmagyň we netijeli hyzmatdaşlygyň birleşýän ýeri bolup durýar. Aýdymlar bolsa hemmeler üçin düşnükli, islendik halkyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Festiwalyň köptaraplaýyn ynsanperwerlik gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm meýdança bolup, türki we gündogar dünýäsiniň taryhy, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň ýakynlygynyň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynanýaryn» diýip, Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow halkara festiwalyň dowamyndaky çykyşynda belledi.