Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy
31-nji oktýabrda Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynda HHR-iň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili Go Hunlýan gutlag sözi bilen çykyş etdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Baştutanlary yzygiderli ýagdaýda strategik ähmiýetli gatnaşyklary saklaýarlar, geljek üçin ugurlary kesgitleýärler. Bu bolsa dürli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine ýardam edýär.
Şensi welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýu Haýrongyň gutlag çykyşynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagynda, iki halkyň medeniýetiniň, özara düşünişmeginiň baýlaşmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginde bu döredijilik çäresiniň ähmiýeti nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar türkmen we hytaý halklarynyň öňden gelýän ruhy arabaglanyşygyny berkitmäge hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumyny guramak mümkinçiligi üçin iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.
Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soňra, konsert boldy. Onuň maksatnamasyny tanslar, aýdymlar, Sin operasyndan parça, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň etniki aýratynlyklaryny beýan edýän sazly kompozisiýalar düzdi.
Owadan egin-eşikler, milli sazlar, özboluşly ussatlyk bilen taýýarlyk görlen çykyşlar tomaşaçylara Hytaýyň gadymy we häzirki zaman ruhuny duýmaga, sungatyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän üýtgeşik horeografiýasyna we täsirli güýjüne baha bermäge mümkinçilik berdi. Artistler çykyşlarynda depginli tanslary, maşk usullaryny, çylşyrymly akrobatik hereketleri ussatlarça utgaşdyrmagy başardylar. Gyzykly we özüne çekiji çykyşlary bilen bütin dünýäni maýyl eden hytaýly sungat ussatlary türkmenistanlylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdiler hem-de tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
«Saçbagly köşk kenizleriniň tansy» kompozisiýasy beýik Tan nesilşalygy döwrüniň keşbini, güllerden we baglardan lezzet alýan dworýan zenanlarynyň durmuşyny janlandyrýar. He Iliniň ýerine ýetirmegindäki «Ýagty aý dogan pursady» atly aýdym tomaşaçylaryň agzybirlikli el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Onuň çuňňur çeper mazmuny özünde jemleýän owazy gadymy edebiýatçylaryň durmuş we tebigat baradaky pikirlerini beýan edýär. «Ak lentanyň tansy» owadan çykyşlaryň biri bolup, ol tomaşaçylara Tan nesilşalygynyň meşhur köşk sazyny we tansyny görkezdi.
Pekin operasy teatr sungatynyň meşhur görnüşleriniň biri bolup, Hytaýyň milli buýsanjy hasaplanýar. Onda köpöwüşginli lybaslar, grim, ýokary drama ýerine ýetirijiligi, aýdym aýtmak, gepleşikler, pantomimalar, akrobatik çykyşlar we tanslar sazlaşykly utgaşýar. Hytaý sungatynyň bu nusgawy görnüşi 2010-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, häzirki wagta çenli diňe bir hytaý däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň çeperçilik we beýan edijilik gymmatyny hem saklap gelýär.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan fotosergi çärä aýratyn öwüşgin berdi. Sergi hytaýly suratçylaryň öz ýurtlarynyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan işlerinden ybaratdyr.
Şeýlelikde, döredijilik forumy Türkmenistanyň jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, biziň halklarymyzyň ýakyndygyny, taryhy we ruhy baglanyşyklarynyň berkdigini görkezdi we türkmen-hytaý medeni hyzmatdaşlygyny, köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde täze sahypany açdy.