Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan konsert geçirildi


Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan konsert geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan konsert boldy. 31-nji oktýabrda geçirilen konsertde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Konsertde ýaňlanan hoş owazly aýdymlar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek äşgär görkezdi. Ýurdumyzdaky ähmiýetli wakalaryň öň ýanynda şeýle konsertleriň geçirilmegi indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Halkara ähmiýetli bu medeni çäräniň esasy maksady Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny döretmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşlerini wasp edýän aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlaryna konserte gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler we olary şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Munuň özi sungat ussatlarynyň zehinine berilýän ýokary bahadyr.

Olar «ýazyň-güýzüň şahyry» diýlip ykrar edilen ajaýyp şahyra bagyşlap ýazan goşgularyny okadylar we talyp ýaşlar bilen sowal-jogap alyşdylar. Bu ýerde guralan sergide G.Ezizowyň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary, onuň döredijiligi barada gürrüň berýän döwürleýin neşirler görkezildi. Dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwletleri we Koreýa Respublikasy bilen medeni ulgamdaky hyzmatdaşlyk dostluk, ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, türkmen halkynyň hem-de dost-doganlyk halklaryň baý taryhy-medeni mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmäge ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde, giň halkara hyzmatdaşlyk döredijilik işgärleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak, tejribe alyşmak, dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Konsertde ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary, belli estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Olar aýdym-sazlarynyň üsti bilen halklar arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda medeniýetiň we sungatyň uly ähmiýetiniň bardygyny görkezdiler. Konsert maksatnamasynyň dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlar onuň täsirliligini artdyryp, agzybirlik, jebislik ruhuny döretdi. Ajaýyp sahnada ýaňlanan joşgunly milli we daşary ýurt aýdym-sazlary parahatçylygyň, dostlugyň hem-de bagtyýarlygyň mekany hasaplanýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana bolan söýgini artdyryp, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady.