Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň II Halkara teatr festiwaly geçiriler
TÜRKSOÝ-yň II Halkara teatr festiwaly Aşgabatda geçiriler. Bu barada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalyna bagyşlanan metbugat ýygnagynda aýtdy.
«Bu yzygiderli festiwal bolar, ikinji festiwal Aşgabatda geçiriler. Bu platforma türk teatrynyň birleşmegine täze itergi berer. Festiwalyň maksatlarynyň arasynda türk dünýäsiniň teatr şahsyýetlerini birleşdirmek bar. Alty ýurtdan gelen toparlar TÜRKSOÝ-yň 1-nji halkara teatr festiwalyna gatnaşarlar we iň gowy eserlerini görkezerler. Diňe hünärmenler däl, adaty tomaşaçylar üçinem bu festiwal gyzykly bolar. Festiwal maksatnamasyna girizilen eserlere abraýly eminler baha berer» - diýip, Sultan Raýew aýtdy.
TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynyň 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Şuşa we Baku şäherlerinde geçirilendigini bellemek gerek.
Ýadyňyzda bolsa, mundan ozal Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sungat işgärleriniň 30-njy oktýabrda TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana gidendigini habar beripdik.