Törebeghanymyň kümmeti (XIV asyr)


Törebeghanymyň kümmeti (XIV asyr)



Arhitektura ýadygärligi Törebeghanymyň kümmeti alymlaryň bellemeginde XIV asyr bilen senelenýär. Törebeghanymyň kümmeti häzirki Köneürgenç şäherine degip duran arheologik we binagärlik toplumyny emele getirýän iri zolagyň çäginde ýerleşýär. Törebeghanym kümmetiniň meýilnamasy iki peştagyň arasynda on iki we alty gyraňlaryň üsti bilen çözülip örän täsindir. Binanyň girelgesi günortada ýerleşdirilip diwarlarynyň hem-de onuň gümmezleriniň içki we daşky ýüzleri kesilip nagyşlanan kaşin mozaikasy bilen tutuşlygyna bezelipdir. Törebeghanymyň bezeglerinde gül-ösümlik şekillerinde, reňkleriň dürli görnüşleri örän ussatlyk bilen ulanylypdyr. Bezegleriniň ýerine ýetirilişi XV asyra degişli bolan Seýit Jemaleddin metjidiniň bezeglerine golaýdyr.

Törebeghanym kümmetiniň girelgesi günorta tarapda bolup, öňe çykyp duran peştagyň aňyrsynda eýwanly giň geçelge ýerleşýär. Beýik peştagyndaky girelgesiniň aýlawly arkasynyň ýokary bölegi stalaktitler bilen bezelipdir. Hem-de onuň eýwanynyň ýokarsyndaky ýarym sweranyň içi syrçaly mozaika bezeglerden düzülen stalaktitler has gyzyklydyr. Şol eýwandaky stalaktitlerinde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlik, “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghananyň hem-de “Ýöriteleşdirilen” ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň hünärmenleri tarapyndan binagärlik ölçeg, barlag işleri ýerine ýetirildi. Stalaktitleriniň gaçan böleklerini geçirilen ölçegleriň netijesinde gurulyşy öwrenilip, rejelemek maksady bilen onuň ylmy-rejeleýiş taslamasyny taýynlamaga girişildi.