Fransuz kompozitory Pýer Tillua bilen duşuşyk geçirildi


Fransuz kompozitory Pýer Tillua bilen duşuşyk geçirildi



7-nji noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda görnükli fransuz kompozitory Pýer Tilloýyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna konserwatoriýanyň ýaş sazşynas hem kompozitor talyplary gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda fransuz kompozitory ýaşlara, aýratyn hem kompozitorlara häzirki döwürde döredijilik işine, has takygy täze eser döretmäge ylham berýän esasy sebäp bilen bagly soragy bilen ýüzlendi. Söhbetdeşlik talyplaryň bir-birinden tapawutly jogaplary bilen dowam etdirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki halkyň milli medeniýeti we saz sungaty hakynda hem söz açyldy. Bu babatda halklary biri-birinden tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklar we alamatlar barada gürrüň edildi.

Duşuşykda kompozitor öz döredijilik işi hakynda hem täsirli çykyş etdi. Täze eseriniň döreýiş taryhyny beýan edýän maglumatlary duşuşyga gatnaşyjylar bilen paýlaşdy. Elbetde bu eser türkmeniň dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyndan täsirlenip döredilen — ses we orkestr üçin konsertdir. Kompozitor täze eserinde şunuň ýaly žanra ýüzlenmeginiň esasy sebäbi, eserde ulanan saz serişdeleri barada gysgaça maglumatlaryň üstünde durup geçdi.

Duşuşygyň jemleýji pursatlarynda kompozitor Pýer Tilloý oňa gatnaşyjylary 10-11-nji noýabrda täze eseriň ilkinji gezek ýaňlanjak konsert dabarasyna hem-de şol konserte görülýän taýýarlyk çäreleriniň alnyp barylyşyny tomaşa etmäge çagyrdy. Pursatdan peýdalanyp talyp ýaşlar hem kompozitora mundan beýläkki döredijilik işlerinde uly-uly üstünlikleri arzuw etdiler.