Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler


Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler



Şu ýylyň 18 — 20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Dostlukly döwletiň ýurdumyzda geçiriljek Medeniýet günleriniň dabaralary Aşgabat hem-de Türkmenabat şäherlerinde guralar.

Türkiýäniň Türkmenistanda geçiriljek Medeniýet günleriniň çäginde dostlukly ýurduň sungat ussatlary özleriniň ajaýyp aýdymdyr sazlary bilen çykyş ederler. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda ýurduň amaly-haşam sungat eserleriniň hem sergisi guralar.

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde geçiriljek Medeniýet günleriniň meýilnamasy bilen ýakyn günlerde tanyşdyrarys.