Polýak aýdymçysy Marsin Sçysinskiý bilen duşuşyk geçirildi
Şu ýylyň 14-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda polýak aýdymçysy, «Bornus Consort» ansamblyny esaslandyryjy, taryhy aýdymlary öwreniji we timarlaýjy Marsin Sçysinskiý bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda «Ýewropanyň mukamlarynyň Gündogar däpleri» atly tema bilen bagly meseleler gozgaldy. Marsin Sçysinskiý çykyşynyň başynda Günbatar ýurtlarynda dörän, onunjy ýüz ýyllyga degişli bolan nota ýazgylarynyň aýratynlyklarynyň üstünde durup geçdi. Şol döwre mahsus bolan saz ýazuw usullarynyň esasy aýratynlyklaryny degişli suratlaryň üsti bilen aýdyňlaşdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda aýdymçy Günbataryň hem Gündogaryň saz medeniýetiniň aýratyn taraplaryny bildirdi. Bu iki çägiň medeniýetiniň eýýäm irki döwürlerden başlap bir-birine ýetiren täsirleri indiki serediljek meseläniň esasy sebäbi boldy. Meseläni aýdyňlaşdyrmak üçin Marsin Sçysinskiý gürrüňi edilýän döwre degişli aýdymlaryň ses ýazgylaryny gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Şol bir wagtyň özünde aýdymçy başdan geçiren gyzykly pursatlaryny gürrüň bermek bilen duşuşygyň gyzgalaňyny has-da artdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymdyr-sazlar ýaňlandy.