Halkara festiwala gatnaşan myhmanlar Aşgabada gezelenç etdiler
Şu gün ýurdumyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara festiwalyň jemleýji dabaralary geçirildi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly — köňül guşy» atly sahna oýny görkezildi. Biz bu barada saýtymyzda habar beripdik.
Günüň ikinji ýarymynda halkara festiwala gatnaşan myhmanlar Aşgabat şäheriniň gözel künjeklerine aýlanyp gördüler. Myhmanlar ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler. Olar bu ýerde türkmen halkynyň buýsançly taryhyndan söz açýan muzeý gymmatlyklary bilen, şol sanda Türkmenistanyň beýik ösüşlerinden, ýeten belent sepgitlerinden söz açýan fotosuratlar bilen ýakyndan tanyşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýindäki muzeý gymmatlyklar bilen tanyşlykdan soňra myhmanlar Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine aýlandylar. Paýtagtyň gözelligine özboluşly bezeg berýän, gurluş aýratynlygy bilen biri-birinden tapawutlanyp, Ginnesiň rekordlar kitabynyň sahypalarynda orun alan binalar, şeýle-de söwda merkezleri bilen tanyş boldular.
Halkara festiwala gatnaşan myhmanlar Aşgabat şäheriniň ak mermere beslenen binalaryny synlap, ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, şeýle-de paýtagt şäherde ýerleşýän ähli binalaryň, şol sanda medeniýet toplumyna degişli desgalaryň gurluşyna, ol ýerlerde zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak üçin döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdiler.