Syýahatçylyk we tebigat gözellikleri
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Biziň ýurdumyzyň parahatçylygy söýüji halklary, dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň goňşy we daşary ýurtlary bilen ykdysady, ylym-bilim, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky halkara gatnaşyklary barha ösýär. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň syýahatçylygy ösdürmekdäki iň bir gyzyklanma döredýän ugurlarynyň biri hem türkmen tebigatyna gezelençdir.


Türkmenistanyň özboluşly ajaýyp tebigaty dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdegärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler. Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleriniň kitaphanalarynda saklanýan gadymy ýazgylarynda syýahatçylaryň we alymlaryň galdyran türkmenler barada maglumatlaryny görmek we okamak bolýar.
Ýurdumyzyň dag ulgamlary, düzlükleri, çägeli-çöllükleri - başga hiç ýerde duş gelmeýän täsinlikleri özünde jemleýär. Ülkämiziň haýwanat we ösümlik dünýäsi bu täsinlikleri has hem baýlaşdyrýan gözellikleriň biridir. Hatda öz raýatlarymyzyň köpüsi hem bu täsinlikler bilen doly tanyş däldir.
Ylmy ösdürmekdäki Hormatly Prezidentimiziň belläp beren ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri, diýarymyzyň dürli çäklerini öz içine alýar, hut şonuň üçin hem dag ulgamlaryň, düzlükleriň we çägeli çöllükleriň jümmüşindäki tebigy gözellikleri we täsinlikleri bilen tanyşmak miýesser edýär. Türkmen sährasynyň ýaz paslyndaky tebigy hadysalary, al-elwan güllere bürenýän giň meýdanlary, olardan daş-töwerege ýaýraýan hoşboý yslary aklyňy haýrana galdyrýar, gözüňi dokundyrýar. Dag ulgamlaryndaky gözellikler, başyny bulutlara bürenip oturan beýik dag gerişleri, kert gaýalar, ajaýyp dereler, tektoniki hadysalaryň netijesinde böwsülip bölünen daglaryň arasyndan aýlawly ýollary ýasan dury we süýji suwly çeşmeleri göreni haýrana galdyrýar. Bu ýerde ösýän ösümlikler we haýwanat dünýäsi ýurdumyzyň biodürlüligini emele getirýär. Ösümlikleriň dürli ýaşaýyş şekilli görnüşleri, olaryň arasyndaky peýdaly dermanlyk, boýag, bezeg, ot-iýmlik, iýmitlik, şeýle hem ülkämiziň seýrek, gadymy we medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlary biziň ýurdumyzyň ösümlik gymmatlyklaryny emele getirýär.
Türkmenistanyň günbatar-demirgazyk çetini emele getirýän, daş-töweregi çägeli-çöllükler bilen gurşalan Uly Balkan dagy, Köpetdagyň Günorta-Günbatar, Merkezi we Gündogar bölekleri, Gissar gerşiniň günorta-günbatar dag şahasyny emele getirýän Köýtendagy diýarymyzyň iň gözel ýerleriniň biridir. Olaryň her biri özboluşly tebigaty, ondaky ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürlüligi bilen tapawutlanýarlar. Ýurdumyzyň çöllüklerine, düzlüklerine we dag ulgamlaryna şeýle syýahatly ýollarynda türkmeniň milliligini görkezýän bedew atlaryny, düýelerini ulanylanda, syýahatyň has hem gyzykly we uly ähmiýetiniň boljakdygyny belläp geçmek gerek.

