Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi


Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi



Şu ýyl Italiýada Juzeppe Werdiniň ýyly diýlip yglan edildi. Italýanlar görnükli kompozitoryň doglan gününiň 210 ýyllygyny belläp, öz ildeşine hormat goýýarlar. Bütin dünýäde Juzeppe Werdä bagyşlanan konsertler geçirilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda saz sungatynyň nusgasy bolan 26 operanyň awtoryna bagyşlanan konsert boldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, Kamera ansambly kafedrasynyň işgärleriniň guran bu konsertinde Juzeppe Werdiniň «Bal-maskarad», «Sisiliýaly hristianlaryň öýle ybadaty», «Rigoletto», «Trawiata», «Trubadur», «Aida», «Ykbalyň gudraty» operalaryndan ariýalar ýerine ýetirildi. Olary Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri Aýna Seýitgulyýewa, Bahar Durdyýewa, Amangeldi Amanow, Röwşen Baýramow hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa dagy ýerine ýetirdi.

Tomaşaçylar öz gahrymanlarynyň durmuşy bilen ýaşan aýdymçylaryň çykyşlaryny mähirli mübäreklediler. Konsertde operalaryň wokal böleklerinden başga-da üç sazanda – Babaguly Goşaýew, Begenç Rozyýew, Arslanbek Seýitliýew üflenip çalynýan saz gurallarynda «Aida» operasyndan «Marşy» ýerine ýetirdiler. Pianino partiýasyny Zemfira Jepbarowa ýerine ýetirdi.

Agşamyň konsertmeýsterleri halkara bäsleşikleriň baýraklarynyň eýesi Stella Faramazowa we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowdy.

Konsert diňleýjilere italýan kompozitorynyň ajaýyp sazyndan we türkmen sazandalarynyň, aýdymçylarynyň ýerine ýetiriş ussatlygyndan hakyky lezzet berdi.