Soltan Alynyň kümmeti


Soltan Alynyň kümmeti



Soltan Alynyň kümmeti, Nejmeddin Kubra kümmetiniň garşysynda ýerleşip, onuň plany we gurluşy Törebeg hanymyň kümmetini ýadyňa salýar. Soltan Alynyň kümmeti alymlaryň çaklamalaryna görä 1560-njy ýyllaryň ahyrlarynda 1570-nji ýyllaryň başlaryna gurlupdyr.

Soltan Aly kümmetiniň merkezinde beýik gönüburçly peştagy bolup, onda arkaly girelge ýerleşdirilipdir. Kümmet ölçegi 23x23x5 sm bolan bişen kerpiçden bina edilipdir. Bu kümmetiň ýokarsy iki sany gümmez bilen örtülipdir. Häzirki wagtda Soltan Aly kümmetinde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň we “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan binagärlik ölçeg işleri ýerine ýetirilip, ýadygärligi rejelemek maksady bilen onuň ylmy-rejeleýiş taslamasy ýerine ýetirildi. Şol taslama Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligindäki ylmy geňeşe hödürlenildi we geňeşden geçirildi. Şol esasynda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasy we «Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň» rejeleýji ussalary bilen bilelikde işe girişildi. Soltan Aly kümmetiniň kerpiçleriniň asyl nusgasynyň ölçeginde rejeleýiş işlerine zerur bolan täze kerpiçler taýynlanyldy. Wagtyň geçmegi we tebigy şertleriniň täsiri esasynda ýadygärligiň zaýalanan kerpiçleri taýynlanylan täze kerpiçler bilen çalşyldy. Kümmetiň gowşan bölekleri berkidildi. Gadymy kerpiçleriň örüm aralary genç palçygy bilen dolduryldy.

Soltan Aly kümmetinde rejeleýiş-berkidiş işleri üstünlikli alnyp barylýar.