Türkmen talyby R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşiginde birinji derejeli diploma mynasyp boldy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz gurallary kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Annaoraz Döwletow R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşiginde wiolonçel hünäri boýunça 20-25 ýaş aralygyndaky kategoriýada birinji derejeli diploma mynasyp bolmagy başardy.
Annaoraz Döwletow bäsleşikde Nury Halmämedowyň «Şygyr» we Dawid Popperiň wiolonçel we fortepiano üçin wenger rapsodiýasyny ýerine ýetirdi.
2017-nji ýyldan bäri her ýyl Reýngold Moritsewiç Glieriň hormatyna Moskwada «Glieriň güýzi» ady bilen geçirilýän ýaş ýerine ýetirijiler üçin bäsleşik şu ýyl 15-nji noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda geçirildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Ýusupgeldi Gandymowa hem-de konsertmeýsteri Jennet Hudaýgulyýewa hem Annaoraz Döwletowy üstünlikli taýýarlandygy üçin Halkara bäsleşik şahadatnamalary gowşuryldy.
Belläp geçsek, Reýngold Moritsewiç Glier — Türkmenistanyň hünär kompozisiýa mekdebiniň döremegine uly täsir eden meşhur sazanda, rus we sowet kompozitory, dirižýor, mugallym, saz we jemgyýetçilik işgäridir. Şeýlelik bilen ol 1935-1936-njy ýyllarda Aşgabatda bolup, bu ýerde ýaş sazandalary diňledi.
Onuň teklibi boýunça, iň zehinli, geljekki kompozitorlar we sazandalar: Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Hydyr Allanurow, Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa we başgalar P.I Çaýkowski adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölüminde okamaga iberildi we hünär bilimini aldy.