Nawidah galasy




Zöhre-Tahyryň köşgi Nawidah arheologiki ýadygärligi Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Gultak geňeşliginiň merkezinden ýigrimi kilometr demirgazyk-günbatarda Amyderýanyň kenarynda ýerleşýär. Ýerli ilat arasynda bu ýadygärlik Zöhre-Tahyryň köşgi, ylmy çeşmelerde bolsa Nawidah ady bilen atlandyrylýar.
Häzirki wagtda bu ýadygärlik 5.52 gektar meýdany eýeläp, ol demirgazyk-günbatardan günorta-gündogar tarapa uzalyp gidýär, onuň uzynlygy 345, ini 160 metr, iň beýik ýeri bolan erki bolsa, ýerden 18 metre barabar. Ýadygärligi günorta-günbatar tarapyndan synlanyňda, derýanyň bir döwürler suwunyň has köp bolan wagtlary günorta-günbatar tarapynyň köp ýerini opuryp zeper ýetirendigini görmek bolýar. Ýadygärligiň häzirki wagtda günorta-günbatar tarapynda ýerleşýän erkinde ýarysy weýran bolan görnüşinde goranyş diňi saklanyp galypdyr. Galan böleklerinde bolsa, diwar galyndylary duş gelenok, diňe daşky gorag diwaryň we käbir binalaryň yzlary bildirýär.
Ençeme ýyllardan bäri taryhçylardyr arheologlarda uly gyzyklanma döredip gelýän ýadygärlik ilkinji bolup 1931-nji ýylda A. A. Maruşenko, 1964-nji ýylda W. N. Pilipko, 1990-njy ýylda G. Gutlyýew, A. A. Burhanow ýaly alym arheologlar tarapyndan ylmy taýdan öwrenilipdir. Geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesine görä, bu ýadygärligiň biziň eramyzyň III asyrynda ýaşamak üçin gurlan köşk galasydygy, onda ýaşaýşyň XII asyra çenli dowam edendigi anyklanylýar.
Ýadygärlikde, aýratyn hem, soňky 1990-njy ýylda G. Gutlyýew, A. A. Burhanow dagy tarapyndan geçirilen ylmy-barlag işleri gowy netije beripdir. Geçirilen bu ylmy-barlag işlerde döwük we abat keramika gap-gaçlar, suw küýzeleri we IX-X asyrlarda ýaşap geçen Samaniler dinastiýasynyň hökümdary Nasr ibn Ahmediň döwründe zikgelenen bürünç teňňe puly tapylypdyr.

Ýadygärlik barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan –– Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem maglumat berlipdir. Bu kitapda Lebap welaýatynyň merkezinde ýerleşýän häzirki Türkmenabat şäherindäki Amul galanyň gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen möhüm ähmiýetli galalaryň biri bolup, onuň üstünden Hytaýdan günbatara, Amyderýanyň aşak akymynda ýerleşen gadymy Horezmden Aziýanyň günortasynda ýerleşýän Owganystana, Hindistana gidýän söwda ýollarynyň geçendigi aýdylýar. Amula gelen söwda kerwenleri bu ýerde düşläp hem dynjyny alansoň, günorta Owganystana we Hindistana gidýän söwda ýola düşenlerinde birnäçe menzil geçenlerinden soňra Hoja Idat gala atly möhüm ähmiýetli gala gelipdirler.
Hoja Idat gala diňe ýokarda bellenilip geçilen ýoldan gatnaýan ýolagçylar geçmän, onuň gabat garşysynda Amyderýanyň sag kenarynda Nawidah – Zöhre-Tahyryň köşgi atly uly galadan we onuň üstünden geçýän söwda kerwenlerdir ýolagçylar hem geçipdirler.
Ýadygärlik barada başga ýazuw çeşmelerde bar bolan maglumatlara görä, XIX asyrda ýaşap geçen rus taryhçysy W. W. Grigorýew orta asyr taryhçysy Makdisiniň miladydan öň 334-323-nji ýyllar aralygynda Aziýanyň köp ýurtlaryna ýöriş eden makedoniýaly Iskender Zulkarneýiň (Aleksandr Makedoniýaly) goşunlarynyň Amyderýadan sag kenara geçilen ýeriniň şu galanyň gabadynda bolup geçendigini belleýän pikirini dogry hasaplapdyr.
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinden alym arheolog I. N. Hlopiniň bellemegine görä, Amyderýanyň boýunda ýerleşýän Nawtaky we Nawidahy bir şäher ýa-da gala hasaplanyp, agzalan galalaryň ikisi hem Sogdyň merkezi Marakant (Samarkant) tarapa hereket edýän ýoluň ugrunda ýerleşipdir.
Ýadygärligiň adynyň gelip çykyşy barada dürli çaklamalar bar. Miladydan öň we soňky asyrlarda häzirki Türkmenistan döwletimiziň çäginde «Dah» atly taýpalaryň ýaşandygy taryhda bellidir. Galanyň adynyň soňundaky «dah» ady şu taýpanyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Käbir alymlar bolsa, onuň adynyň «Nawi» – täze «dah» – oba diýen manyny aňladýandygyny belleýärler.
Geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesine görä, galada XII asyrdan soň ýaşaýşyň gutarandygy bellenilip geçilipdir. Giçki orta asyrlarda derýanyň boýlarynyň täzeden ilatlaşan döwürleri täze göçüp gelen ilat onuň öňki adyny bilmän, bol suwly Jeýhunyň kenarynda ýerleşýäni üçin ony «Zöhre-Tahyr» türkmen halk dessanynda agzalýan Tahyry sandyga salyp beýik gaýadan derýa taşlanýan ýerine meňzedip şeýle atlandyrypdyr.

Ýadygärligiň demirgazyk tarapynda daşrakda köp mukdarda orta asyrlara degişli keramiki gap-gaçlaryň döwük bölekleri duş gelýär. Bu bolsa galanyň daşynda hem ýaşaýşyň bolandygyny açyk görkezýär. Gala orta asyrlara degişli ýazuw çeşmelerde «Nawidah» şäheri diýlip agzalýar.
Galanyň günorta-günbataryndan bol suwly Amyderýanyň akyp geçmegi, daş-töweregini Gyzylgum çölüniň gurşap almagy bolsa, onuň ilatynyň ekerançylyk we maldarçylyk, balykçylyk bilen meşgul bolmagyna mümkinçilik döredipdir. Mundan başga-da orta asyr taryhçysy Makdisiniň «Ýurtlara belet bolmak üçin iň gowy bölüniş» diýen işinde Jeýhunyň kenaryndaky şäherleriň arasynda Nawidahyň ady hem agzalýar,
Häzirki wagtda hem bu gala ýerli we ýurdumyzyň dürli künjeklerinden syýahata gelýärler. Ýadygärligiň türkmen halkynyň geçmiş taryhyny öwrenmekde we ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. Gadymy Zöhre-Tahyr köşgi Nawidah galasy döwlet ähmiýetli ýadygärlik hökmünde 2001-nji ýylda «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hasabyna alyndy.

Nurýagdy HOŞWAGTOW