TÜRKMENISTAN—TÄJIGISTAN: HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY KESGITLENILDI
4-nji aprel türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, taryhy, ruhy, medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklary täze ösüşlere eýe bolýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň ynanyşykly gatnaşyklary, soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň maýynda Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Emomali Rahmon bilen şu gezekki duşuşygy uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.
«Türkmenistan» gazeti