Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiliginde umumyhalk senelerini şöhlelendirýän çeper aňlatmalaryň, syrly ýyllaryň, manysy oýlanylyp tapylmaly matal düzümli sözleriň onlarça görnüşleri duş gelýär. Ýaşy üç ýüz ýyly gädip barýan dananyň Zunuby bilen aýdyşykly «Habar ber-şeýledir» atly şygyrda Magtymgulynyň sorag bilen ýüzlenýän:
Ne kuýaşdyr hasabyny bileli?
Çendin saldyr gözden nahan bolaly?
Niçe syrdyr sizden habar alaly?
Magtymguly, bize mundan habar ber.
-diýen bendine Zunuby:
Resul gündür, hasabyny tutaly,
Müň iki ýüz on bir ýyldyr bataly,
Ajal köprük, gel, didara öteli,
Zunuby diýr, bizden habar şeýledir.
diýip şahyrana usulda jogap berýär. Bu ýerde poeziýanyň pähimdar pälwany Zunubynyň «Müň iki ýüz on bir ýyldyr bataly» diýen çeper setiri taryhy hakykatlar, takyk, dürs we dogry ýyl senesiniň wagtlaryny görkezmek bilen berk baglanyşyklydyr. Magtymguly bilen Zunubynyň aýdyşygynda hijri-kamary barada gürrüň gidýändigini nazara alyp, onuň sinhron çözgütleriniň ylmy beýanynyň hasaplanylyşyna ýüzlenip geçmegi makul bilýäris. «Müň iki ýüz on bir ýyldyr bataly» diýen şahyrana setir gurluşy boýunça hijri ýyl hasabydyr. Bu ýyly milady-häzirki wagtda işjeň ulanylýan sene ýylynyň görkezijisine öwürmek üçin 1211-i 97-ä köpeltmeli, çykan sany ýüze paýlap, şoňa ýetene 621-i (Muhammet pygamberiň Mekgeden Medinä göçen ýyly) goşmaly. Meselem:
1211x97=117467
117467:100=1174
1174+621=1795
Şu matematiki çözgütlere görä, Magtymguly bilen Zunubynyň aýdyşygynda görkezilýän «Müň iki ýüz on bir ýyldyr bataly» diýen sene 1795-1796-njy ýyllara gabat gelýär. Söz sungatyny nakgaşy Magtymguly Pyragynyň «Zory gitmezmiş» goşgusynda:
Dört togsan müň elli alty dünýäniň bary,
Ýeke müň iki ýüz Resuldan bäri,
Magtymguly görünmez hakyň didary,
Gören gula hak didary gitmezmiş .
diýen parasatly jümleleri okamak bolýar. Dananyň «Ýeke müň iki ýüz Resuldan bäri» atly setirini ýokarda bellenilen tertipdäki hasapda ýerine ýetirsek 1785-1786-njy ýyllara gabat gelýär. Müçe ýyl hasaby bilen baglanyşykly maglumaty özünde jemleýän Magtymguly Pyragynyň «Atamyň» atly eserinde:
Altmyş ýaşda nowruz güni, luw ýyly,
Turdy ajal, ýolun tusdy atamyň.
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli!
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň.
diýen hikmetli setirler jemlenýär. Hasaplanyşyň taryhy tejribelerine salgylansak «Altmyş ýaşda, nowruz güni, luw ýyly» diýen taryhy wagt 1174-nji hijri ýylyna gabat gelmek bilen, ony milady senenamasyndaky görkezijä öwürsek 1760-njy ýylyň mart aýynyň 22-sine dogry gelýär. Dünýä edebiýatynyň dürli žanrlarda edebi taglymatlaryň rowaçlanmagyna, milli edebi diliniň baýlaşmagyna we medeniýetleriň ýakynlaşmagyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň «Haky çün» atly gazalynda:
Luw ýyly düşdi magraç gullasyna
Byrag münüp çykdy arş pellesine
diýen setirler beýan edilýär. Poeziýada durmuşyň gözellik reňklerine, häsiýet keşbine we hereket çygryna täze däpleri, halka ylhamy, çeperçilik güýçleri, açyşlary, duýgulanyşyň hyjuwly, söýündiriji hem-de kuwwatly binýadyny kemala getiren Magtymguly Pyragynyň «Luw ýyly düşdi magraç gullasyna» diýen jadyly söz düzümleriniň beýanyny ýokarda görkezilen tertipdäki hasapda çözgütleri çykarsak, hümmetli setirde Muhammet pygamberiň ykbalynyň 619-620-nji ýyllardaky pursatlaryny öz içine alýan durmuş kyssasynyň wakasyndan, magraç gijesiniň syrlaryndan, jadyly düýşleriň utgaşyklygyndan bir parça ýyllaryň gatnaşygynda çeper beýan edilýär. «Magraç» sözi «Hakyň merdiwanyna çenli ýokary göterilmek, halka buşlanmak» diýen manylary aňlatmak bilen, ol edebiýatda «Isra» sözi - gije ýörişi diýen adalga bilen sinonimdeşlik hatarynda işjeň ulanylýar. Mifiki we mistiki poeziýada Magraç gijesiniň gadyrly hyýallary örän köp wasp edilýär. Magraç teswiri hijretden (Muhammet pygamberiň Mekgeden Medinä göçen ýylyndan) bir ýarym ýyl öň Mekke şäherinde bolup geçendigi, rejep aýynyň 27-nji gijesinde Muhammet pygamberiň Käbede uklap ýatyrka, ýanyna Jebraýyl perişdäniň gelendigi we onuň Allatagalanyň beýik huzuryna Byrag aty bilen çagyrylyp ruhy serpaýlaryň berlendigini öz içine alýar. VII asyrdan soňky milli nusgawy edebi çeşmelerimizde, taryhy resminamalarda we halkymyzyň köpsanly kyssawy sözleýşinde, ýaşuly nesilleriň söhbetlerinde häzirki günlerde hem hasaplaryň köpüsi uly gyzyklanma, bilesigelijilik we täsirli pursatlary döredýän müçe ýyllary arkaly beýan edilýär.