Zehin joşguny
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphananyň gurnamagynda «Bagtyýar nesiller-watanyň daýanjy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Ýurdumyzda çagalaryň her biri alada bilen gurşalandyr. Diýarymyzda çagalaryň beden we ruhy taýdan doly derejede ösmegi ugrunda ähli şertleri üpjün etmek, olaryň başarnyklaryny we zehinlerini açmak üçin sagdyn durmuş gurşawyny döretmek üstünlikli durmuşa geçirilen döwlet wezipesidir. Ýurdumyzdaky häzirki ähli okuw maksatnamalary, durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri, bilime, saglygy goraýşa, sportuň, boş wagtyňy işjeň geçirmegiň düzümleriniň we beýlekileriň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar nesilleriň bagtyýarlygyny ähli zatdan ileri tutýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.