Sarpasy belent gahrymanlar


Sarpasy belent gahrymanlar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly ösüşlere beslenýär. Bu ýylda halkymyz Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş bilen tamamlanmagynyň 79 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçýär. Ýokary batyrgaýlyk, edermenlik hem-de gahrymançylyk ruhuna beslenen köp asyrlyk taryhymyzda pederlerimiziň Watan goragynda görkezen gahrymançylygy türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Adamzat nesliniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin söweşen edermen ýigitlerimiziň söweş meýdanlarynda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna, nusgalyk edermenligine, biz bu günki gün çäksiz hormat goýýarys.

Beýik Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Sarpasy belent gahrymanlar» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasyna dürli ýerlerden myhmanlar hem-de ýaşuly neslimiziň görnükli wekilleri çagyryldy. Olar hem öz gezeginde şol gazaply uruş ýyllarynda tylda halkymyzyň çeken ýadawsyz zähmeti, türkmen ýigitleriniň watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, görkezen gahrymançylygy barada gyzykly gürrüň etdiler. Soňra myhmanlar muzeýde guralan sergä aýlanyp gördüler. Olar sergide görkezilen Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna degişli bolan taryhy gymmatlyklaryň galdyran täsiri barada özara pikir alyşdylar.