Magtymguly Pyragy dünýä dillerinde
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Magtymguly Pyragy dünýä dillerinde» atly edebi-sazly kompazisiýa geçirildi.
Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen şahyry bolman eýsem, dünýä şahyry. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ynsan ýüreginiň dili bilen many-mazmuna baý bolup, her bir sözi nakyla barabar. Magtymguly Pyragy adamzat aňyna süýji sözleri bilen täsir edip, islendik garaýşyny pelsepewi oýlanmalar bilen beýan edip, özüne baglaýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň dünýä dillerinde terjime edilmeginiň gysgaça beýany, onuň ähmiýetiniň nähili derejede ýokarydygyny görkezýär. Taryhy nukdaýnazardan şahyry dürli tarapdan öwrenmek iş ýüzünde dünýä edebiýatyny has-da baýlaşdyrýar.
Bu çärede Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgy setirlerini dünýä dillerinde çeperçilikli ýerine ýetirdiler.
Çykyşlaryň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.