Saglyk-geljekki ýaş nesle gymmatly baýlykdyr
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi «Saglyk-geljekki ýaş nesle gymmatly baýlykdyr» ady bilen wagyz-nesihat, aýdym-sazly çäre geçirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde has-da kämilleşýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mekdebimiziň halypa mugallymlarynyň hem-de sazanda toparlarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasyndan syzlyp çykan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby bilen tanyşdyryş dabarasynda jemgyýetçilik köpçüligine niýetlenen ruhy, medeni çykyşlary bilen ýetginjekleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan eýýäm giň möçberli, netijeli işler durmuşa geçirilendigi barada we haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bolup bermek hakynda çözgütler kabul edilenligi barada aýdyp geçdiler.
Mugallymlaryň çykyşynda ýurdumyzyň her bir ýaş nesil hakyndaky alada, bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmak üçin başlangyç şertleri döretmek häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny, onuň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dowamat bolmagyny giň gerimli işler geçirilýändigi barada aýtdylar.
Çäräniň ahyrynda ynsan saglygyny goramak babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş sözlerini aýtdylar.
