Paýhas ummany
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eserini wagyz etmek maksady bilen «Paýhas ummany» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde paýhas ummanyny boýlaýan «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitap barada giňişleýin beýan edildi. Kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň iri ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO, şeýle hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine, gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Eserde öňe sürülýän garaýyşlar, onuň üç bapdan ybarat mazmunynda giňden beýan edilýär.
Çäräniň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza mundan beýläk hem döwlet galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri buýsanç bolup ýaňlandy.