Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri - ýaşlaryň baky buýsanjy
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri - ýaşlaryň baky buýsanjy» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Sergide Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününiň her ýyl bellenmegi raýatlaryň we esasanam, ýaşlaryň arasynda konstitusion gymmatlyklary döretmekde hem-de ýaýratmakda ähmiýetiniň uludygyny bellenip geçildi.
Döwlet üçin häzirki ýaş nesliň öz isleglerini Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň bähbidine durnuklylygy we sosial sazlaşygy berkitmek bilen baglanyşdyryp, ata-babalarynyň mirasyny ýeterlik derejede gorap saklamagy örän möhümdir. Şu babatdaky döredilen ajaýyp kitaplardan düzülen göçme sergi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň aň-düşünjeli, ruhy we ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup, kemala gelmegi ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.