Otursam agaçlar bile
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy botaniki, biologiki we tebigatyň medeni we ýabany ösümlikler baradaky ylmy taglymatlaryny, sagdyn ekologik gymmatlyklaryny öz içine alýan çeper söz senedindäki waspnamalara, salgylanmalara, tarypnamalara, meňzetmelere we şahyrana setirleriň ajaýyp nusgalaryna baýlygy, özüne çekijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Dananyň hümmetli we hyrydarly eserlerinde gül we agaç, suwarymly ekerançylyk ekinleriniň atlary, ösümlikler şalygynyň elliden gowrak wekili bilen umumy ylmy dünýäsine bolan watançylyk ylhamyň we söýginiň baý tejribeleri, nusgalyk paýhas gözýetimleri hem-de ussatlyk sapaklary köp duş gelýär. Sözlerden dürler ýasan ussadyň şygyrlarynda şahyryň 150-ä golaý eserlerinde duş gelýär we olaryň aglabasy türkmen, pars, arap sözleýiş we ýazuw medeniýetiniň leksik galyplary arkaly şöhlelendirilýär. Şahyryň döredijiliginde wasp edilişi boýunça tebigatyň ösümlikler dünýäsiniň arasynda köp ýyl ýaşaýan agaç görnüşleri, ýakymly ysly, köp reňklerde açylýan gülleriň toparlary birinji orunda durýar. Muňa mysal hökmünde söz senetkäriniň şygyrlarynda duş gelýän badam, serwi, dagdan, ýowşan, hoz, injir, söwüt, hurma, gamyş, ýowşan, serçemen, alma, nar, zagpyran, narynjy (apelsin), turunjy (pyrtykal) hem-de gülli, tokaý, çöl, dini, boýag berýän ösümlikleriň atlaryny agzamak bolar.
Söz mülküniň hökümdary Magtymguly Pyragynyň «Haýramdadyr-haýramda», «Gurulmasdan burun», «Ynsan ýaratdy», «Azadym kany», «Bagtym garadyr», «Bu dünýä», «Sil galmaz», «Paş bolmar sen», «Baka-baka gider sen», «Aýyň ýagşysyn», «Arşy aglaýa», «Duman peýda», «Türkmeniň», «Pany jahan gerekmez», «Habar ber-şeýledir», «Huny bardyr», «Göze myhmandyr», «Daşlar bile», «Näler görüner», «Öňi-ardy bilinmez», «Çowdur han», «Döwletalynyň», «Ýeter sen», «Delalat ýagşy», «Betnam ulur», «Gulagyn tutmaz», «Duman peýda», «Ötüp baradyr», «Tumar gördüm», «Kulahly geldi», «Bu gün», «Aýryldym», «Atça bolmaz», «Terk eýleme bu mekany», «Kaýda sen», «Bar meniň», «Bilmezmiň», «Ýar ýüzüňden», «Ýetişmez hijran», «Daşlar bile», «Duman görüner», «Pisat dünýädir», «Zemine batar», «Pelegiň», «Il bolmaz», «Bili bolmasa», «Bu dahana», «Hatyn näbilsin», «Näme sen», «Gider sen», «Nary bolmasa» we «Ýeli Gürgeniň» ýaly onlarça eserlerini ösümlik hakyndaky hakyndaky durmuş hakykatynyň çeper aňlatmasynyň görnükli nusgalary hasaplamak bolar. Şahyryň gazallarynda ösümlikler dünýäsine degişli bag, gül, reýhan, bostan, şejerler, anbar ýaly sözleriň 100-den gowragy asyl sanda we göçme, birlik we köplük sanda dürli görnüşlerde ulanylýar. Yzzatly we ylahy ýalkawly setirleriniň çawy ähli döwürlerde alyslar aşyp gelýän Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ösümlikleriň, ekinleriň reňkleri 15-e golaý görnüşlerde, zynatly keşplerde çeper teswirlenýär. Ömürlere ylhamyň jomartlyk nurlaryny, ykballara sahawatyň mübärek joşgunyny paýlaýan şahyryň hikmetli gazallarynda, munazaralarynda, meňzetmelerinde, tapmaça görnüşli şygyrlarynda we muammalarynda orun alan «Kükeýip bark urar anbaryň ysy», «Kimleriň bagynda bitmiş enary», «Şejerler bitmiş bagynda», «Bagda biten alma bilen narynda», «Seýran etsek gunçasyna, gülüne», «Hub şejerler boý çekipdir», «Dürli miwe beren baglar», «Bag içre ýesir bolmuş, bilbil bakyň, sünbül bilen», «Toty, bilbil mesgen tutan, Howaly baglar görüner», «Girsem baryp söwer dostuň bagyna», «Bilbillige intizardyr bag içinde güllerim», «Gülşenli serçemen diýip aglar men», «Otursam agaçlar bile», «Bilbiller saýraýan howaly baglar», «Bilbil mesgen tutan baglar», «Agaç uzyn bolsa kölgesi düşer», «Ýerden çykan agaçlar», «Bostan seýri her bir adama höwesdir», «Bag içre saýraşan şeýda bilbiller», «Her bagyň bir bagbany bar», «Gury agaja ýaprak bitmez», «Bir ýaprak çykarmy guran söwüde», «Ekseň bar getirmez ol gury söwüt», «Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa», «Bagbançy bagy neýlesin, bagynda nary bolmasa», «Bilbile jeňňel bag bolmaz», «Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly» ýaly jünbüş keşpli, parasatly, jümjüme setirleri günüň gülgün jemaly bilen jübütleşýän tebigat peýzažynyň, ösümlikleriň gymmatynyň we ähmiýetiniň ajaýyp çeper beýany bolup ýaňlanýar. Beýik söz zergäriniň «Ynsan ýaratdy» atly şygryndaky
Gara ýerden ýaşyl sebze gögerdip,
Her agaçdan dürlük miwe çykardyp,
Gün-günden baglaryň miwesi artyp,
Gül açylyp, bag-u bostan ýaratdy.
diýen setirleri ösümlikler dünýäsiniň ähli görnüşleriniň, biologik köpdürlüligiň şahyrana sözdäki we çeper dildäki ensoklopediýasy bolup ýaňlanýar.
Çeper söz bagynyň nakgaş bagbany Magtymguly Pyragynyň dury zehin bulagy bilen suwarylan, gudrat galamynyň akabasyndan kemal tapan, paýhasyň sahawat daragtyna meňzeýän setirleriniň gülşenli nahallarynyň kuwwatly kökleriniň şahalary, çemen baglanan bossanlary ählihalk mähribanlygynyň saýasynda gunçalaýar, köňüller köşgünde güllän reýhanlary köpleri perwana edýär, miwelän çuwal-çuwal hasylynyň şirinlik tagamy alys yklymlarda bark urýar. Magtymguly Pyragynyň tebigatyň ösümlik gözelliginiň dürli simwoliki ussatlykda toplan tejribeleri köplere durmuş sapagy bolup hyzmat edip gelmegi aýratyn buýsandyryjydyr.