Ogurjaly adasy


Ogurjaly adasy



Biziň ýurdumyzyň täsin künjekleriniň biri-de Hazar deňziniň günorta-gündogar böleginde ýerleşen gyşyna ýumşak, mylaýym we tomsuna bolsa salkyn howasy bilen tapawutlanýan Ogurjaly adasydyr. Bu ada Hazar ýarym adasyndan 30 kilometr günortada, demirgazykdan günorta 42 kilometre uzaýar, onuň ini 1-3, 5 kilometre, umumy meýdany 45 inedördül kilometre deňdir. Adanyň gündogaryny Türkmen aýlagy, günbataryny bolsa Hazar deňziniň beýik tolkunlary ýuwýar. Adanyň üsti peslik bolup, çäge depeleri hem bar. Ogurjaly adasynyň gözelligi onuň haýwanat we ösümlik dünýäsi, ýumşak howasy, belent tolkunlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Adanyň howasynyň hemişe deňziň täsiri bilen çygly bolmagy, ösümlikleriň ýylyň dowamynda gök öwsüp, oňat ösmegine ýardam edýär. Şonuň üçin bu ýerde subtropik ebedi gök öwüsýän ösümlikleri, palmalary ekmek üçin amatly howa şerti bar.
Ogurjaly adasynyň taryhy barada gysgaça gürrüň bersek, bu ada ir wagtlardan bäri mälim bolupdyr. Ýerli ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, adanyň ýarym aý ýaly egrelip durandygy üçin Aýdek-Aýdak adyny alandygy, XIII-XIV asyrlarda Uzboýuň Hazar deňzine guýýan ýerinde Ogurça ýa-da Agyrça atly uly obanyň bolandygy mälimdir. Türkmenleriň Ogurjaly atly tiresiniň adamlary Hazar ýarym adasynda we Ogurjaly adasynda, deňiz kenarlarynda balykçylyk, awçylyk, söwda-satyk işleri bilen meşgullanypdyrlar.
Ogurjaly adasy 1994-nji ýyldan bäri Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň çäkli goraghanasydyr. Goraghanada we Hazar deňzinde balyklaryň 101, guşlaryň 466 görnüşi gabat gelýär. Hazaryň çäklerinden dürli guşlaryň 12 milliona golaýy uçup geçýärler we olaryň 5 milliondan gowragy deňziň kenarlarynda adada gyşlamaga galýarlar.
Bu ýerde gyrymsy agaçlar, çöl ösümliklerinden sazak, selin, ýandak, akbaş we beýlekiler bar. Ogurjaly adasyna gyşlamak üçin dürli guşlar, ördekler, jünekeýler, çarlaklar, guwlar, guba gazlar, gyzyl gazlar, çakar baraklar, toklutaýlar, serçeler, ýyrtyjy guşlar gelýärler. Ada Hazar düwleni ýaly Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen süýdemdirijileriň esasy mesgenidir.

Nurmuhammet NURYÝEW