MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR


MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR



22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.



23-nji iýunda Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni giň gerimli medeni-köpçülik çärelerine baý boldy. Arkadag şäheriniň Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebinde guralan ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly çykyşlary, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen «Arkadag şäheri–bagtyň şäheri» atly döredijilik agşamy hem aýratyn mana eýe boldy.

Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň çäreleri Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda guralan giň gerimli konsert bilen tamamlandy.