MAGTYMGULY–DIÝIP ADYM TUTSALAR


MAGTYMGULY–DIÝIP ADYM TUTSALAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Bagtyýarlyk etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly-diýip adym tutsalar» ady bilen «Magtymguly Pyragynyň» ýadygärliginde aýdym-sazly dabara geçirildi.

Bu çärede Gündogaryň beýik danasy, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy çuň parasatly döredijiligi bilen türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyrýan akyldar şahyrdygy, onuň edebi mirasy bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdigi hakynda gürrüň edilip, Magtymguly Pyragynyň diňe bir Gündogar edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldardygy, şahyr halkyna miras goýan umumadamzat ähmiýetli ruhy hazynasy milli medeniýetimiziň nury bolup şugla saçýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgular, şeýle-de aýdym-sazlar beletden ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda akyldar şahyryň ajaýyp eserlerini dünýä ýaýmakda, milli medeniýetimiziň ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.