MAGTYMGULY PYRAGY-DÜNÝÄ DILLERDE
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň we «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy-dünýä dillerde» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli mirasy, edebiýaty bar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgylary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Beýik Pyragynyň döredijiligi hakykatdan-da, bir umman. Magtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni- bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär. Şeýle akyldary terbiýeläp ýetişdiren Döwletmämmet Azadynyň adyny uly buýsanç bilen göterýän kitaphananyň kitaphanaçylary we ýokary okuw jaýynyň mugallymlary özara söhbetdeşlik geçidiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.