TÜRKMEN HALK ERTEKILERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, göwnejaý dynç almaklary, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem «Türkmen halk ertekileri» kitabyndan bolsa birnäçe ertekiler okaldy we şol ertekileriň gahrymanlary we olaryň häsiýetleri barada sorag-jogaplar alşyldy. Bu geçirilen gürrüňdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy we çagalar özleriniň okan ertekileri barada gürrüň berdiler.
Ýurdumyzda bagtyýar nesillerimiziň şadyýan gülki sesleriniň hemişe ýaňlanyp durmagy üçin bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.