ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET ÄLEMI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymynyň «Medeni miras» gepleşiginde «Şahyryň şygryýet älemi» atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orun eýeläp, onuň döredijiligi türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrülendigi, şeýle-de şahyryň goşgularynda öwüt-ündewe ýugrulan dana pikirler uly orun eýeleýändigi, onuň ajaýyp goşgulary ösüp gelýän ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup durýandygy hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligini, goşgularyny çuňňur öwrenmäge, olaryň üsti bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.