Dag astyndaky gudrat
Güneşli ýurdumyzda biziň günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärliklerdir gadymy galalar, kerwensaraýlardyr dürli täsin ýerler diýseň kän. Şolaryň biri-de Köpetdagyň äpet gowagynda ýerleşen Köwata ýerasty kölüdir. Bu köl täsinligi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Onuň uzynlygy 80 metr töweregidir, ini 14 metrden 23 metre barabardyr. Iň çuň ýeri 16 metre ýetýär. Suwunyň ýylylygy hemişe bir tabyny saklap, 35-37 derejeden geçmeýär. Gyş paslydygyna garamazdan, onuň suwuna girse bolýar. Suwy adam organizmi üçin diýseň ýaramly. Alymlar bu ýerasty kölüň suwunyň adaty bolmadyk häsiýetlerini anyklapdyrlar. Onuň suwunyň düzüminde 20 kilometr günbatarynda ýerleşen meşhur «Arçman» çeşmesiniňki ýaly, kükürtli wodorod, mikroelementleriň onlarçasy bar. Bu bolsa adam saglygy üçin örän peýdaly, bejeriş häsiýeti ýokary. Ysy gelip duran şypaly kükürtli wodorod suwuna düşmek has ýakymly, peýdaly, lezzetli. Suwuň düzüminde kükürtli wodorod, ýod, magniý, kalsiý, natriý ýaly peýdaly himiki elementleriň 38-siniň bardygy alymlar tarapyndan anyklanylypdyr. Olaryň gan aýlanyşa, rewmotizme, guragyra, sowuklama, deridir bagyr kesellerine, merkezi nerw ulgamyny bejermekde peýdasy uludyr. Gowaga hemme adama girmek maslahat berilmeýär, ýürek-damar keselleri, gan basyşy kadaly bolmadyklar gowagyň suwuna girmekden saklanmalydyr. Onuň içiniň howasy aşa çygly, girelgesinden köle çenli bolan aralyk 200 metrlik ýol, basgançaklar bilen 55 metr aşak düşmeli.
Gowagyň esasy girelgesinden gireniňden kalbyňy tebigatyň üýtgeşik täsinligi gaplap alýar. Basgançakdan aşaklygyna on metr ýöraniňden soň, kölüň suwunyň düzüminde bar bolan dermanlyk häsiýetli minerallaryň (elementleriň) yslary burnuňa urýar. Aşak düşdügiňçe ençeme ýyllaryň dowamynda emele gelen dag gatlaklarynyň has geň, täsin görnüşlerini görmek hem-de olary tä köle ýetýänçäň synlamak juda ýakymly.
Ýeriň şeýle çuň gatlagynda tebigy kölüň emele gelmegi akylyňy haýran edýär. Köwata ýerasty kölüniň ýüze çykyşy bilen baglanyşykly halk arasynda dürli rowaýatlar bar. Olara salgylansaň, onuň ir döwürlerden bäri mälim bolandygy aýdylýar. Gadym wagtlarda Arçman atanyň golaýynda mal bakyp ýören çopanlaryň biri çeşmäniň boýunda gamyşdan ýasan dilli tüýdügini çalmakçy bolanda ony suwa gaçyrypdyr, olam Köwatanyň suwundan çykypdyr. Bu bolsa, ýerasty suwlaryň, dagyň aşagyndaky kölleriň özara birleşýändigini aňladýar.
Häzirki döwürde täsin tebigy ýadygärlik bolan Köwata ýerasty köli dünýä ýüzündäki jahankeşdeleriň üns merkezinde. Ýurdumyza gelýän syýahatçylardyr jahankeşdeler, myhmanlar ilki bilen, Köwata baryp görmäge isleg bildirýärler. Olar şahyryň «Gudrat görseň daglara bar» diýen setirinden görnüşi ýaly, Köwatanyň täsinligini tebigatyň döreden ajaýyplyklarynyň biri hasaplaýarlar.
Begenç ESENOW