«GUJURLY BILIM» MERKEZI BIZDE MYHMANÇYLYKDA


«GUJURLY BILIM» MERKEZI BIZDE MYHMANÇYLYKDA

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde «Gujurly bilim» merkeziniň okuwçylary gezelenç etmäge geldiler. Bu merkezde bilim alýan bilesigeliji okuwçylar kitaphananyň bölümleri, ol bölümleriň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Gyzyklanýan kitaplaryny okap gördiler. Okan kitaplary esasynda özara sorag-jogap alyşdylar. Umuman şadyýan çagajyklar gyzykly pursatlary başdan geçirdiler.

Gezelenjiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.