«ÝAŞ NESILLER WE DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI» ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY.
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamaklarynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek şeýle-de ýaş nesilleriň döredijilik älemindäki ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen ähli dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Ýaş nesiller we döredijilik dünýäsi» ady bilen merkezara döredijilik duşuşygyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň üsti bilen ýaş nesilleri halallyk, arassa ahlaklylyk, mertlik, adalatlylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Bagtyýar çagalar aýdymdyr sazlary hem-de öz döreden goşgularyny uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.