BAGTDAN PAÝLY NESIL
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, «Arkadag» teleýaýlymy, we 6-njy çagalar bagy bilelikde guramagynda «Bagtdan paýly nesil» atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňden görüjilikli syýasy taglymatlary bilen terbiýelenýän bu günki nesil Watanyň we milletiň, halkyň we döwletiň hatyrasyna juda köp işleri bitirmäge taýýar nesil bolup ýetisşýär. Yhlasly bejerilen bag hem hökman miwesini bolluk bilen eçilýär. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde uly alada edilýär. Diýarymyzda çagalaryň oňat okap, bilim terbiýe alyp, Watana wepaly, ilhalar adam bolup ýetişmekleri hakynda uly aladalar edilýär. Mekdebe çenli çagalarynyň hemmetaraplaýyn ösmegi, doly derejeli dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.