BAGTYÝAR DURMUŞYMYZYŇ GÜL-GUNÇALARY


BAGTYÝAR DURMUŞYMYZYŇ GÜL-GUNÇALARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda 178-nji çagalar bagynda «Bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde häzirki wagtda ýurdumyzda körpe nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olaryň beden we ruhy taýdan kämil ösüşini kemala getirmek ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda-da körpeleriň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, olarda eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize, merdana halkymyza belent buýsanç duýgusyny kemala getirýändigini, şeýle-de olarda kiçini söýmek, ula hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri terbiýeleýändigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.