ÝAŞLARYŇ OWAZY


ÝAŞLARYŇ OWAZY

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!-2024» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň toý meýdançasynda uly dabara bilen geçirildi. Bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiş gazanyp, öňe saýlanan ýaş höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Ýaş aýdymçylara ýürek joşgunyny we ukyp-başarnygyny doly açyp görkezmäge ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilipdir. Şirin aýdymlaryň owazyna beslenen telebäsleşik hakyky sungat baýramçylygyna öwrüldi.

Bäsleşikde ýaş zehinli aýdymçylaryň ikisi Sakarçäge etrabyndan Ýusup Orazgylyjow hem-de Mary şäherinden Mähri Hojakowa ýeňijiler hökmünde yglan edildi. Olar telebäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.