MOSKWADA «DUTARYŇ OWAZLARY» FESTIWALYNYŇ ÝEŇIJILERINIŇ WE EMINLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA KONSERT GEÇIRILER


MOSKWADA «DUTARYŇ OWAZLARY» FESTIWALYNYŇ ÝEŇIJILERINIŇ WE EMINLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA KONSERT GEÇIRILER

15-nji sentýabrda Moskwada Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda «Dutaryň owazlary» atly «VIII festiwalyna tarap» ady bilen çeper konsert geçiriler. Çärä VIII festiwalyň emin agzalary we dürli ýyllarda aýdym-saz bäsleşikleriniň ýeňijileri gatnaşarlar.

Geçen ýedi festiwallarda 1000-den gowrak bagşy-sazandalar, şeýle hem Ermenistandan, Azerbeýjandan, Gwatemaladan, Germaniýadan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, BAE-den, Russiýadan, Sloweniýadan, ABŞ-dan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, we beýleki döwletlerden horeografiýa we hor toparlar gatnaşdylar.

Festiwalyň esasy maksady–sosium birleşmä ýardam berýän, dürli halklaryň medeniýetleriniň özara täsiriniň täzeden dikeltmek. Festiwalyň wezipesi gatnaşyjylaryň köp medeniýetli gyzyklanmalaryny ösdürmekdedir. Halkara «Dutaryň owazlary» festiwal GDA döwletleriniň arasynda dostluk däpleri we ruhy ysnyşyklylygy berkitmekde, özara düşünişme we medeni alyş-çalyşyga ýardam etmekde wajyp köpri bolup gulluk edýär.