ÝEDI YKLYMYŇ DILINDE MAGTYMGULY PYRAGY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Ýedi yklymyň dilinde Magtymguly Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler hem Magtymguly Pyragynyň türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döredendigi, döredijiliginde gymmatly syýasy-jemgyýetçilik, filosofik, ynsanperwerlik, ahlak, edep-terbiýe garaýyşlaryny öňe sürendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň edebi mirasy arkaly geljek nesillere baý milli ruhy hazyna galdyryp, halkyň gündelik ýaşaýşynyň ähli meselesine seslenip, olar hakynda pikir ýöredendigi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä edebiýatynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň bütin ömri we döredijiligini öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.