OWAZLY DÜNÝÄ


OWAZLY DÜNÝÄ

Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýanyň meşhur opera aýdymçysy Matteo Lippi türkmen kärdeşleri Gözel Annahanowa hem-de Bahar Durdyýewa bilen bilelikde, paýtagtymyzyň aýdym-saz muşdaklary üçin konsert berdi. Zehinli dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri çykyşlara sazandarlyk etdi. Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de belli italýan kompozitory Jakomo Puççininiň 100 ýyllygy mynasybetli berlen konsert Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzdaky halkara çäreleriň üstüni ýetirdi.