«PYRAGYNYŇ ARZUWLAN AJAP ZAMANY» ATLY HALYPA-ŞÄGIRTLIK DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI


«PYRAGYNYŇ ARZUWLAN AJAP ZAMANY» ATLY HALYPA-ŞÄGIRTLIK DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Biziň ajaýyp zamanamyzda milli medeniýetimiziň gülläp ösmeginde, halkymyzyň köňül joşgunyny beýan etmekde sungat wekilleriniň uly hyzmaty bardyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem beýik şahyra bagyşlanyp birnäçe baýramçylyklar, duşuşyklar yzygider geçirilýär.

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda «Pyragynyň arzuwlan ajap zamany» atly halypa-şägirtlik döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa bilen Döwlet muzeýiniň hünärmenleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşyp, halypa bilen gyzykly söhbetler guraldy we sorag-jogap alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygy Allaberdi Begmyradow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Güneş» žurnalynyň habarçysy Garahanjar Baýhanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby Nursoltan Derýaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary Bossan Ataýewa hem-de halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýän ýaş şahyrlar çykyş etdiler.

Döredijilik duşuşyga gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.