TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝINDE «GARAŞSYZLYK-WATANYMYZYŇ ŞÖHRATY» ATLY SERGI GURNALDY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-Watanymyzyň şöhraty» atly sergi gurnaldy. Sergide Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýry-aýry pudaklarda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berlipdir. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplar, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp şekilli halylary we haly önümleri şeýle-de muzeý gymmatlyklary uly orun alypdyr.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi.
Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy ählumumy we sebit derejesinde dabaralandyrýan döwletimiziň Ýer ýüzündäki mertebesi, abraýy belende galdy. Şoňa görä-de, bu milli baýram mynasybetli önümçilik we durmuş maksatly täze binalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýär, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.

