TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

«Türkmenistan» gazeti