MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÝADYGÄRLIGINE GÜL GOÝMAK DABARASY
23-nji sentýabrda ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiller ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular.
Garaşsyz döwletimizde watandaşlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, döretmegi, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyz bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan bu Garaşsyzlyk gününe aýratyn hormat goýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, ruhy ösüşe gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzy bütin dünýä tanatmaga mümkinçilik döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmelerinde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge öz beýanyny tapýar.
«Türkmenistan» gazeti