MIZEMEZ MIRASY–DÜNÝÄ ÇYRAGY
Watanymyzyň taryhyna şan goşan 2024-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyza 33 ýyl dolýar. Şu 33 ýylyň dowamynda Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeni ösüşini täze derejelere çykarmak we onuň köpugurlylygyny gazanmak, adamzat jemgyýeti üçin taryhy ähmiýeti bolan medeni mirasymyzy gorap saklamak we öwrenmek, medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda alnyp barlan halk bähbitli döwletli işler her bir türkmen raýatyny buýsandyrýan bolsa gerek. Hut şu ýyllaryň binýadynda halkymyzyň dowam edip gelýän medeni däplerini, dessurlaryny we adatlaryny ösdürmek, medeni baýlyklaryny aýawly saklamak we geljege miras goýmak, milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek babatynda maksatly işlere badalga berildi.
Türkmenistanyň milli baýlyklary, haýran galdyryjy medeni, taryhy we ýazuw ýadygärlikleri dünýä medeniýetiniň hazynasyny baýlaşdyran täsin nusgalar bolup, adamzat jemgyýetiniň ykrar edilen naýbaşy gymmatlyklary hasaplanýar.
Türkmenistan sungatyň dürli ugurlarynyň ösen merkezidir. Halkymyzyň gadymy däpleri saklamak we döwrebap nusgalary döretmek bilen bagly haly dokamakdaky, şaý-sepleri ýasamakdaky, keşde çekmekdäki başarnyklary milli senetçiligiň gaýtalanmajak sungat eserlerini dünýä peşgeş etdi. Ol nusgalar türkmeniň senedi sungata öwürmekdäki ussatlyga eýeligini äşgär edip dünýäni haýrana galdyrýar.
Biziň milli senetlerimiz, sungatymyz çeperligi iňňän inçe, gözellikde deňi-taýy bolmadyk, hiç haçan gymmaty egsilmejek önümler bolmak bilen bir hatarda halkymyzyň yhlas siňen döredijiligini özünde jemleýän gymmatlyklardyr.
Dutar-hem senet hem kämil sungat guralydyr. Onuň her bir tary älemiň owazyna ses goşýar. Ýaşaýşyň ähli tarapyny, ynsan durmuşynyň dürli pursatlaryny we döwürlerini şöhlelendirmäge ukyplylygy bilen dutar sazlary ýürege ýakyndyr, gulaga ýakymlydyr. Dag göwsüni ýaryp akýan çeşme mysaly dutar sazlary ynsan göwünlerini hoş owaz bilen gandyrýar. Dutar sazlarynda ýeriň ýüreginiň urşuny diňläp bolýar. Onuň her bir urgusynda bolsa parahat durmuşa çagyryş bar.
Tüýdük–türkmeniň sährasy ýaly göwnüniň hem giňligini beýan edýän saz guralydyr. Tyllaýy güne gerşini çoýup ýatan aňňat-aňňat gum depeleri, ymgyr çöllük, jülgeli, gaýaly daglar, ekinzarlyklar, ýaşyl ýaýlalar türkmen topragynyň özboluşlylygydyr. Tüýdük sazlary bizi şol gözellikleri görmäge seýrana çagyrýar.
Gopuz–durmuşymyzyň iň gyzykly, täsirli pursatlary barada gürrüň berýär. Halkymyzyň edim-gylymyny, durmuş wakalaryny ähli milli röwüşleri bilen janlandyrýan gopuz sazlary kalplaryň owazyny sözleýär.
Türkmen halysy çitimleriň üsti bilen döredilen çuň mazmunly eserdir. Onuň her bir gölünde taryh we taryhy hakykat bilen ýüzleşýäs. Türkmen reňkleriň şeýle ýokary derejede sazlaşygyny özünde jemleýän dowamata dowam, manysy nesiller tarapyndan çözlenmeli bu sungaty däbiniň, dessurynyň gymmatlygy edip orta çykarypdyr. Halynyň ak öýlere, ak otaglara, köşgi-eýwanlara saçýan nury türkmeniň kalbynyň nury bolup şöhlelenýär.
Türkmenistan–Hytaýdyr Mesopotamiýa, Müsür ýaly uly döwletleriň hatarynda medeni ösüşleri başdan geçiren ýurt hökmünde binagärlikde dünýä belli ýadygärlikleriň eýesidir. Ençeme seneleri başdan geçiren ol ýadygärlikler gadymy döwürlerden bäri dünýä medeniýetini emele getirmekde biziň ata-babalarymyzyň mynasyp ornunyň bardygynyň şaýatnamalary deýin öz syrlaryna basyrynyp otyrlar..
Şaý-seplerimiz mizemez mirasymyzdyr. Halkymyzyň gelin-gyzyna bolan sarpasyny olara niýetlenen zergärçilik önümleriniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Gyz başynyň gupbasynyň, ýakasyndaky gülýakasynyň tylla nurly şelpeleri, göýäki älemiň sesini owazlandyrýan deý, ümzügi öňe janly durmuşyň hereketini janlandyryp, türkmeniň paýhas siňen döredijiliginiň näderejede çuň mazmuna eýedigini beýan edýär.
Keteni–türkmeni türkmen diýip tanadýan milli lybasydyr. Onuň buzgunç ysly ädimsaýyn artýan şowurdysy taryhyň ýaňy bolup eşdilýär. Gyrasyndaky sary zolak türkmeniň geçmişden nurana geljege barýan ýagty şöhleli, maksatly ýoluny ýatladýar.
Türkmen keçesi–türkmen sährasynyň ýakymyny, gözellikde taýsyz bakymyny şöhlelendirýän mirasymyzdyr. Halkymyz tebigata bolan aýawly garaýşyny, ýaýylyp ýatan ýaýlasynyň al-ýaşyl reňke beslenen gül jemalyny keçe önümlerinde şöhlelendirip, öýüne ajaýyp röwüş beripdir.
Ak öýler–türkmeniň dünýe ýaly dünýäsini göz öňünde janlandyrýar. Gol doly maşgala goýnundan orun beren ak ganatly ak öýler türkmeniň şükürli, agzybir ýaşaýyş baradaky garaýyşlaryny bütin süňňi bilen aňladyp oturandyr. «Watan ojakdan başlanýar» diýen düşünjä gulluk eden halkymyz maşgala agzybirligini hemme zatdan ileri tutupdyr. Ak öýlerimiz jebisligimiziň, agzybirligimiziň, bir saçagyň başyna jem bolmagyň mukaddes nyşanydyr.
Sallançak–çarhy-pelegiň aýlanyp durandygyny, nesilleriň arabaglanyşygynyň dowamatdygyny alamatlandyryp öýlerimize bezeg berýär. Onuň başynda dünýäniň senasy bolup ýaňlanýan hüwdüler aýdylýar. Ol hüwdülerde Watana wepalylyk, nurana geljege bolan ynam, nesilleriň merdanalygy, zähmetsöýerlik, halka hyzmat etmek, il ogly bolup ýetişmek, eli çeperlik ýaly–türkmeniň terbiýe mekdebiniň iň gowy ýörelgeleri ündelýär.
Türkmen hatarda bir tamdyr bilen oňup, agzybirligiň nähili uly güýçdigini dünýä ýaýan halk. Tamdyrda ynsanyň höregi bolan mele-myssyk çörek bişýär. Tylla gün deýin nurly, ýyly we diýseň datly çörekli saçak bilen myhman garşylamak, öýe gelene duz-çörek hödür etmek, toýa saçakly barmak türkmeniň ädehedi. Saçak türkmeniň sahawatly dünýäsiniň mukaddes nyşany.
Türkmen ojagy diňe bir nahar-tagam taýýarlamaklyga niýetlenen däldir. Onuň manysy has giňdir we çuňdyr. «Ojagyň ody öçmesin» diýlen jümlede şol maşgalanyň dowamynyň dowamat bolmagy arzuw edilýär. Öý, maşgala manylaryny hem özünde jemleýän ojak türkmen üçin juda mukaddesdir.
Bu aýdylanlar halkymyzyň gymmatlyklarynyň diňe bir ülşüdir. Türkmen dünýäsi onuň tebigaty ýaly gözel we tebigy. Ol dünýä dörediji dünýä. Bu ajaýyp Diýaryň dünýä belli mirasy baýlyklary şol döredijiligiň iňňän çeper nepislige eýediginiň ykrarnamasydyr.
Ogultäç HOJANAZAROWA
Maddy däl medeni miras müdirliginiň
başlygynyň orunbasary