BEÝIK DANA MAGTYMGULY


BEÝIK DANA MAGTYMGULY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan «Beýik dana Magtymguly» ady bilen Magtymguly Pyraga bagyşlanyp ýazylan bibliografiýa görkezijilerine syn geçirildi.

Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi beýik akyldar Magtymguly Pyragy bilen bagly çap bolan kitaplaryň, döwürleýin metbugat neşirlerinde çykan makalalaryň, goşgy we kyssa eserleriniň maglumatlaryny jemleýän bibliografiýa görkezijileri barada kitaphana synyny geçirdi.

Çykyşlarda Magtymguly Pyragy bilen bagly ilkinji gezek 1959-njy ýylda bibliografiýa görkeziji düzülendigi, şeýle-de tapgyrlaýyn bu işleriň dowam edip gelendigi aýdyldy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, bibliografiýa görkezijileriň düzülip okyjylara ýetirilendigi we ýene ylmy işiň dowam edýändigi bellenildi.

Şahyryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýet hökmünde dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini kitaphana synyna gatnaşan işgärler arzuw etdiler.