TÜRKMENISTANYŇ GADYMY SUW DESGALARY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent- tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan Medeni miras: Türkmenistanyň gadymy suw desgalary ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistan döwletimizde ylym-bilimi dünýä ýurtlarynyň derejesinde ösdürmek, halkymyzyň gadymy medeni mirasyny giňişleýin çuňňur öwrenmek, gorap saklamak, dikeltmek we wagyz etmek döwlet derejesindäki möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we rejelemek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler soňky döwürde has-da ilerledi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu ugurda saldamly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan gadymy suw desgalarynyň binagärlik aýratynlyklarynyň öwrenilmegi onuň mysalydyr. Gadymy Merwiň dürli görnüşli sardobylaryny, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde saklanyp galan ýahdany, Gadymy lebap topragynda saklanyp galan birnäçe sardobalary, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Şährislam opta asyr şäherindäki keramiki turbalardan çekilen suw geçirijileri, has irki döwürlere degişli guýylary we kärizleri barada çykyş edenler gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.