TÜRKMEN ŽURNALISTLERI IZMIR ŞÄHERINIŇ TARYHY ÝERLERI BILEN TANYŞDYLAR
Türkmen žurnalistlerinden ybarat topar Türkiýe Respubulikasynyň Izmir şäheriniň taryhy ýerleriniň biri bolan Urla bölegine baryp görüp, bu ýerdäki gadymy köçeler, olaryň däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde diwarlarda çekilen suratlar, dükanlar, gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýan jaýlar syýahatçylary özüne çekýär. Urla köçesi döredijiligiň gaýtalanmajak gurşawyny döredýär. Bu ýerde ýerli işleriniň, senetçiligiň we sungat esbaplarynyň dürli görnüşlerini satyn almak bolýar. Her ädimde görkezilen Urlanyň baý medeni mirasy syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär.
Şeýle-de Urla köçesi köpöwüşgünli dükanlary bilen çäklenmeýär. Bu ýerde ýerli ussalar tarapyndan elde ýerine ýetirilen başga hiç ýerde gabat gelmeýän sowgatlary almaga hem mümkinçilik döredilen. Ussalar öz başarnyklaryny keramiki we dokma önümlerinden başlap, agaçdan ýasalan täsin sowgatlary ýasaýarlar. Bu bolsa bu köçäni sungatyň jemlenen ýerine öwürmek bilen, Türkiýäniň baý mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Bu ýerde her ýyl meşhur üzüm festiwaly geçirilýär. Bu festiwal köp sanly syýahatçylary özüne çekýär. Bu çäre Urla köçesiniň baýramçylyk gurşawynyň üstüni sazlaşykly ýetirýär.