WATAN GAHRYMANLARY BAKY ÝAŞAÝAR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda «Watan gahrymanlary baky ýaşaýar» atly sergisi gurnaldy
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, halkymyz ata-baba dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerini sarpalamaga, öten-geçenlerini ýatlap, olaryň ýagty ýadygärligine hormat goýmaga giň mümkinçilik alýar. Türkmen halky Watan mukaddesligini ýüreginde göteren ata-babalarymyzyň edermenligi baradaky hakydany nesilden-nesile geçirip gelýär. Her ýylyň 6-njy oktýabry – Hatyra güni şu asylly ýörelgeleriň döwlet derejesinde dowam edilýändiginiň güwäsi hökmünde ýüreklerde ýer etdi. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gijede bolan ýertitremesi Aşgabat şäherini we onuň töweregini aýylganç weýrançylyga öwrüpdi. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde ýykylyp weýran bolan şäherde tebigy heläkçilikde ejir çeken adamlara ýakyndan goldaw berlip başlandy. Halkymyz agzybir, jebis durup, ýer titremede weýran bolan ýaşaýyş jaýlaryny, okuw jaýlarydyr hassahanalary dikeltmek işine başlady. Gün geldigiçe şäherimiz gözelleşdi. Ak şäherimiz Aşgabat Garaşsyzlyk ýyllarynda has hem gözel görke geldi. Bu günki gün bolsa, Aşgabat binagärlik, medeni hyzmat ediş, dynç alyş ugurlary boýunça dünýäde iň ajaýyp, döwrebap şäherleriň biridir hem-de şäher gurmagyň ajaýyp nusgasydyr.
Ata-babalarymyzyň eziz Watanyna bolan çäksiz söýgüsi netijesinde Gökdepe galasynda 1881-nji ýylda halkyň azatlygyny we garaşsyzlygyny gorap görkezen edermenligi taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Şondan bäri köp wagt geçen hem bolsa, halkymyz Gökdepe galasyny goraýjylaryň görkezen edermenligi baradaky hakydany nesilden-nesile geçirip gelýär.
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Hatyra gününe bagyşlanan «Watan gahrymanlary baky ýaşaýar» atly sergi gurnaldy. Sergi Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň portreti, Döwlet nyşanlarymyzyň fotosuraty bilen açylýar. Sergide Döwlet muzeýiniň «Ýazuw çeşmeleri» gaznasynda saklanylýan dokumental fotosuratlara aýratyn orun berilýär. Aşgabat şäheriniň taryhyna bagyşlanan suratlar tematiki taýdan toparlara bölünip ýerleşdirildi. Ýertitreme zerarly zeper ýeten Seýit Jemaleddin metjidiniň bina bölekleri hem sergide görkezilýär. Türkmen gerçekleriniň taryhda görkezen gahrymançylykly hereketlerini aýdyň şöhlelendirýän, Gökdepe galasyndan söhbet açýan muzeý gymmatlyklary bu günki sergide öz beýanyny tapýar. Sergide goýlan şekillendiriş sungatynyň eserlerini hem-de fotosuratlary synlanyňda bu söweşde görkezilen edermenligi aýdyňlygy bilen duýmak bolýar.

